Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň halkara sergi işini ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.
Hasabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 25-nji awgustyndaky Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça degişli çäreleriň görülýändigi barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, Konsepsiýanyň çäklerinde Halkara sergiler býurosy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça 2023 — 2025-nji ýyllar üçin Milli meýilnama işlenip taýýarlanyldy we häzirki wagtda bu resminama bellenen tertipde amala aşyrylýar.
2023-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Parižde geçirilen Halkara sergiler býurosynyň Baş Assambleýasynyň 173-nji mejlisiniň dowamynda Türkmenistan ilkinji gezek 2024-2025-nji ýyllar üçin bu guramanyň Dolandyryş we býujet boýunça komitetiniň düzümine agzalyga saýlanyldy. Şu ýylyň 19-njy martynda Aşgabat şäherinde Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretarynyň gatnaşmagynda degişli komitetiň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Beýan edilenleriň esasynda, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanynyň garamagyna birnäçe teklibi hödürledi.
Hususan-da, ýurduň halkara sergi işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, Türkmenistanyň öňümizdäki Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergilerine ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek üçin degişli işleri amala aşyrmaga gönükdirilen degişli resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak bilen bagly teklipler beýan edildi. Şolaryň hatarynda 2027-nji ýylyň 19-njy marty — 26-njy sentýabry aralygynda Ýaponiýanyň Ýokogama şäherinde geçiriljek ekologiýa we tebigaty goramak meselesine bagyşlanan «Green EKSPO — 2027» hem-de 2027-nji ýylyň 15-nji maýy — 15-nji awgusty aralygynda Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde «Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin» diýen şygar astynda geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergileri bar. Şeýle-de türkmen hünärmenleri üçin sergi-ýarmarka işi boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň we halkara guramalaryň wekilleri bilen okuw maslahatlaryny guramak, daşary ýurtlardaky okuw merkezlerinde olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak maksady bilen, 2025 — 2027-nji ýyllar üçin degişli Maksatnamany taýýarlamak teklip edilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Halkara sergiler býurosy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edip, Bütindünýä «EKSPO» sergilerine yzygiderli gatnaşýandygyny belledi.
"Bu iri halkara sergiler dünýä döwletleri bilen dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam edýär" diýip, döwlet Baştutany aýtdy we wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.