Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ärdogan aýazly howa sebäpli miwe hasyly babatda kynçylyklaryň bardygyny tassyklady

16:1917.04.2025
0
19453
Ärdogan aýazly howa sebäpli miwe hasyly babatda kynçylyklaryň bardygyny tassyklady
Surat: Azerbaycan24

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan ýurtdaky aýazly howa sebäpli oba hojalyk ekinlerine zyýan ýetendigini tassyklady. Bu barada TASS habar berdi diýip, «Belta.by» portaly ýazýar.

Türkiýäniň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisinden soňra çykyşynda ýurduň käbir sebitlerinde güýçli aýazlar, gar we doly ýagmagy netijesinde üzüm, alma, erik ýaly miweleriň hasylyna zeper ýetendigini aýtdy.

Ärdogan aýazly howa netijesinde çekilen ýitgi barada anyk maglumat berip bilmejekdigini, Oba hojalyk we tokaý hojalygy ministrliginiň zerur çäreleri görýändigini hem-de bahalandyrma işini geçirýändigini habar berdi. Hökümet häzirki agyr günlerde fermerleri we önüm öndürijileri goldaýar.

Öň Konýa uniwersitetiniň professory Haluk Gedioglu TASS habarlar gullugy bilen söhbetdeşlikde Türkiýedäki aýazlaryň üzümiň geljekki 80 göterimini, erigiň, almanyň we çereşnýanyň 50 göterimini ýok edendigini habar beripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň