Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin «SpaceX» kompaniýasynyň başlygy Ilon Masky nusgawy sowet konstruktory Sergeý Korolýew bilen deňeşdirdi diýip, «ria.ru» ýazýar.
«Bilýäňizmi näme, bir adam bar, ol Ştatlarda ýaşaýar, Mask diýýärler, ol Marsy agzyndan düşürenok. Belli bir maksady köňlünde besleýän şeýle adamlar adamzadyň sapynda seýrek dogulýarlar. Bu gün hyýal bolup görünse-de, ol pikirler ertir hasyl bolýar. Öz wagtynda biziň Korolýewimizem hyýaly pikirler bilen ýaşaýardy, emma onuň arzuwlary durmuşa geçdi» diýip, Putin ýurduň Bauman adyndaky MDTU-niň talyplary bilen gürrüňdeş bolýarka aýtdy.
Russiýanyň Lideri şeýle-de Mars planetasyna uçuşlaryň bu gün durmuşa geçmeginiň örän kyn bolup görünýändigini sözüniň üstüne goşdy.