28-nji martdaky güýji 7,7 bala deň bolan ýertitremeden soňra indi Mýanmany sil joşgunlary aljyradýar. Ýurduň demirgazygynda güýçli sil joşguny dowam edýär diýip, «MIR 24» gürrüň berýär.
Mysal üçin, ýer yranmasynda aman galan öý suwuň akymyna bäs gelip bilmän ýykyldy. Mýanmanyň ikinji uly şäheri bolan Mandalaýyň köçelerini suw gark etdi.
Günorta-Gündogar Aziýadaky bu döwlete doly gatyşykly güýçli çabga geldi. Ýerli ýaşaýjylar golaýdaky elhenç ýertitremeden heniz özlerini dürsemänkäler, tebigat olary ýene synaga saldy.
Ýer yranmasynda 3,5 müň adam pida boldy, emma bu san artyp gidip otyr. Sebäbi heniz hem dereksiz ýitenleriň jesetleri tapylýar. Ejir çekenleriň sany-da bäş müňe golaýlady.
Indi ýer yranmada öýsüz galanlar çabgadan halas bolmak üçin gaçybatalga gözleýärler. Howa maglumaty gullugy çabgalaryň dowam etjekdigini çaklaýar.