«Telegram» messenjeriniň wise-prezidenti Ilýa Perekopskiý ilkinji gezek Aşgabada eden saparyndan örän täsirlenendigini mälim etdi. Ol sosial ulgamlar arkaly paýlaşan birnäçe ýazgylarynda Türkmenistanyň paýtagtynyň özboluşly binagärlik keşbi we şäher infrastrukturasy barada belläp geçdi.
«Men bu şäheriň ak mermerden gurlan binalary bilen meşhurdygyny bilýärdim, ýöne muny gözüň bilen görmek düýbünden başga zat eken. Hemme zat ak – binalar, heýkeller, hatda awtoulaglaryň hem aglabasy» diýip, Perekopskiý belleýär.
«Telegramyň» wise-prezidentine aýratyn täsir eden zatlaryň biri hem şäher düzümi bolupdyr. Onuň sözlerine görä, Aşgabat giň şaýollary, giň pyýada ýollary we ulag dyknyşyklarynyň ýoklugy bilen tapawutlanýar. Şeýle-de Perekopskiý şäherde ýaşyl zolaklaryň we seýilgähleriň örän köpdügini nygtady.
«Şäher örän ýaşyl, owadan seýilgähler, giň pyýada ýollary bar we dyknyşyklar ýok diýen ýaly – pyýada gezelenç üçin hem, ulag sürmek üçin hem ajaýyp ýer» diýip, Perekopskiý ýazýar.
«Telegramyň» ýolbaşçysy paýtagtyň agşamky keşbinden hem söz açyp, şäherdäki özboluşly yşyklandyryşyň özünde «parahat we nepis Las-Wegas» düşen ýaly täsir galdyrandygyny belledi.
Umuman, Ilýa Perekopskiý Aşgabat şäherini «pyýada gezelenç üçin dünýäniň iň gowy paýtagty» hem-de «ulag sürmek üçin iň gowy şäherleriň biri» diýip atlandyrdy.