Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Sürüjilik şahadatnamasyny edinen polşaly 40 minutdan ilkinji jerime aldy

18:1415.04.2025
0
22478
Sürüjilik şahadatnamasyny edinen polşaly 40 minutdan ilkinji jerime aldy
Surat: RBK

Polşaly sürüjilik şahadatnamasy üçin synag tabşyranyna 40 minut geçenden soňra eýýäm ilkinji jerimesini aldy diýip, «TVN24» teleýaýlymyna salgylanýan «Gazeta.ru» gürrüň berýär.

Geçen hepdede Sehunuwadaky ýol polisiýasynyň işgärleri tizligi sagatdan 20 kilometrden geçiren sürüjini sakladylar. Onsoňam, ol howpsuzlyk kemerini-de dakynmandyr. Görlüp oturylsa, 30 ýaşly erkek kişiniň ulag sürmek boýunça synag tabşyranyna bir sagat hem dolman ekeni, ol öz ukyplaryny ýolda barlamak isläpdir. Oňa 300 zlotyh jerime saldylar, sekiz sany jerime utuklaryny berdiler.

Polşanyň polisiýasy eger ol sürüjilik şahadatnamasyny alanyndan birinji ýylyň dowamynda 20 jerime utuk gazansa, şahadatnamasyny elinden alyp, täzeden synag tabşyrmaga goýberiljekdigini habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň