Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«TASS» Beýik Watançylyk urşy döwrüne degişli fotosuratlary türkmen žurnalistleri bilen paýlaşýar

22:1813.04.2025
0
24608

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Russiýanyň «TASS» habarlar agentligi Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň habar serişdeleri bilen bilelikde birnäçe halkara ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirýär. Bu barada «TASS» habarlar agentliginiň Baş direktory Andreý Kondraşow «Ýewraziýa – däp-dessurlaryň we gymmatlyklaryň mekany» atly jemgyýetçilik-işewürlik forumynda eden çykyşynda belledi.

Bellenilişi ýaly, «TASS» agentligi özüniň baý taryhy arhiwleriniň esasynda GDA ýurtlarynyň habar serişdelerine Beýik Watançylyk urşy döwrüne degişli fotosuratlardan peýdalanmaga mümkinçilik döredýär. Şol arhiwde, takmynan, iki milliondan gowrak fotosurat saklanýar. Bu çäreleriň esasy maksady – uruş ýyllarynda halklaryň görkezen gahrymançylygyny we taryhy hakykatlary wagyz etmekden ybaratdyr. Şeýle-de hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanyň wekilleri «TASS-yň» döredijilik we hünär taýdan tejribe alyş-çalyşy boýunça maksatnamalaryna işjeň gatnaşýarlar. Şu ýylyň dowamynda türkmen fotohabarçylary Russiýanyň öňdebaryjy fotožurnalistleri bilen bilelikde okuw maslahatlarynda çykyş etdiler. Okuwlar «TASS-yň» Habarlar akademiýasynyň binasynda geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Azerbaýjanyň wekilleri gatnaşdylar.

Andreý Kondraşowyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda GDA ýurtlarynyň döwlet habarlar agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň Geňeşi (Informsoýuz GDA) halkara hyzmatdaşlygyň möhüm gurallarynyň biri hökmünde üstünlikli iş alyp barýar. 1995-nji ýylda döredilen bu geňeşiň başlyklyk wezipesi däp boýunça «TASS-yň» ýolbaşçysyna ynanylýar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda dowam edýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürilýär. Şol sanda halkara media giňişliginde amala aşyrylýan hyzmatdaşlyk iki ýurduň arasyndaky medeni we taryhy gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň