22 – 25-nji aprel aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde sportuň milli we guşakly «alyş» göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa bu halkara ýaryşy geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi we döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan iş topary döredildi we ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, häzirki wagtda guramaçylykly işler alnyp barylýar.
Halkara ýaryşa daşary ýurtlardan köp sanly sport wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen sportuny dünýä derejesinde ösdürmek, ýurduň halkara sport abraýyny has-da ýokary derejelere galdyrmak ugrunda netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny, halkara derejedäki sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilýändigini belledi.
Döwlet Baştutany wise-premýere Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçiriljek halkara ýaryşa gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.