Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandaky rus diplomatlary tylda zähmet çeken zenany 94 ýaşy bilen gutlaýarlar

14:3311.04.2025
0
15060

Rus diplomatlary Türkmenistanda ýaşaýan tylda zähmet çeken Ýewgeniýa Mazanowy 94 ýaşy bilen gutlaýarlar. Bu barada Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

«Däp bolşy ýaly, 10-njy aprelde ilçihananyň işgärleri 94 ýaşyny belleýän Ýewgeniýa Aleksandrowna Mazanowyň ýanyna baryp, oňa ilçi Iwan Wolynkiniň gutlag hatyny gowşurdylar» diýlip, habarda bellenilýär.

Duşuşykda Ýewgeniýa Mazanowa Saratowda bolan uruş ýyllary baradaky ýatlamalaryny paýlaşdy we deň-duşlary bilen Beýik Watançylyk urşy döwründe fronta ibermek üçin azyk önümlerini nädip taýýarlandyklaryny gürrüň berdi.

Ilçihananyň belleýşi ýaly, diplomatik gullugyň işgärleri Ýewgeniýa Mazanowa saglyk we üstünlik arzuw etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň