Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Allanur Daýanjow ilkinji gezek Türkmenistanyň tennis boýunça çempiony boldy

11:3511.04.2025
0
17011

Allanur Daýanjow özüniň sport durmuşynda ilkinji gezek Türkmenistanyň tennis boýunça çempiony diýen ada mynasyp boldy. Ol finalda geçen ýylky ýeňijini — Meýlis Orazmuhammedowy 7:5, 7:5 hasaby bilen ýeňdi. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 4-nji ýyl talyby «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilen bäsleşikde ynam bilen ýeňiş gazandy – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Ýurdumyzyň birinjiligi ugrundaky ýaryşa Ahal, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryndan we Aşgabatdan 114 (64 erkek we 50 zenan) türgen gatnaşdy. Final ýaryşa çykmak üçin 6-njy belgide goýlan Daýanjow ýarym finalda Didar Wepamyradowy üç setde - 4:6, 6:2, 6:1 hasaby bilen utdy. Tennisçiniň üstünliginde onuň halypasy hökmünde milli ýygyndynyň tälimçisi, Türkmenistanyň birinji tennisçisi Ýuriý Rogusskiýniň hem uly paýy bar. Ol şikes alandygy sebäpli bäsleşige gatnaşyp bilmedi.

Zenan tennisçileriň arasynda çempionlyk adyny Aşgabadyň 42-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy, 15 ýaşly Ilima Güseýnowa özüne gaýtaryp getirmegi başardy. Zehinli türgen üçin bu onuň sport durmuşyndaky üçünji çempionlyk ady boldy. Finalda ol ilkinji gezek uly çempionatda ikinji orny eýelän Leýli Esenowadan üstün çykdy.

Mary şäherinden gatnaşan ýaş tennisçiler hem tapawutlandylar. Erkekleriň jübüt görnüşindäki oýunlarynda 17 ýaşly Resul Ataýew we 16 ýaşly Nazym Kasymow altyn medallary gazandylar. Olar dartgynly geçen finalda Allanur Daýanjow/Serdar Wepamyradow jübüt tennisçini 6:4, 4:6, 14:10 hasaby bilen utdular. Ataýew şeýle hem ýekelikde çykyş edip, bürünç medal gazandy.

Zenanlaryň jübüt görnüşinde Ilima Güseýnowa we Aýlara Kakabaýewa ýeňiji boldular. Olar finalda Aişa Bikbulatowa/Aýnur Möwlamowa jübüt tennisçini 6:2, 4:6, 10:7 hasaby bilen ýeňdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň