Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Birleşen Arap Emirlikleri söwda-ykdysady gatnaşyklary maslahatlaşýar

14:0609.04.2025
0
11571
Türkmenistan we Birleşen Arap Emirlikleri  söwda-ykdysady gatnaşyklary maslahatlaşýar
Surat: Newscentralasia.net

Türkmenistan Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde «Bütindünýä maýa goýumlarynyň geljegi: ählumumy maýa goýum meýdançasynyň täze tolkuny – täze deňagramly dünýä gurluşyna tarap ýol» şygary astynda geçirilen halkara sammite gatnaşýar. Dünýäniň 180 döwletinden 20 müň töweregi wekili bir ýere jemlän bu foruma gatnaşýan türkmen wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýolbaşçylyk edýär. Bu barada halkara forumyň resmi saýtynda habar berilýär.

Sammitiň çäklerinde wise-premýer H.Geldimyradow Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary söwda boýunça döwlet ministri Tani bin Ahmed Al Zeýudi bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda Al Zeýudi Türkmenistanyň BAE-niň Merkezi Aziýadaky möhüm söwda hyzmatdaşydygyny belläp, soňky ýyllarda iki dostlukly ýurduň arasynda nebite degişli däl söwdanyň ep-esli ýokarlanandygyny aýtdy. Taraplar gaýtadan dikeldilip bilinýän energiýa, ulag we beýleki möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň