Hindi kinosynyň weteran aktýory we režissýor Manoj Kumar 87 ýaşynda Mumbai şäherindäki «Kokilaben Dhirubhai Ambani» hassahanasynda ýürek keselinden aradan çykdy. Ol watansöýüjilige çagyrýan filmleri bilen meşhurlyk gazandy. Bu barada «telanganatoday.com» atly hindi portaly habar berdi.
Manoj Kumar Bolliwudda unudylmajak yz goýdy, hindi kinosyna goşan ägirt uly goşandy üçin ýurduň abraýly kino baýraklaryna mynasyp boldy.
Aktýoryň yzyna aýaly Şaşi Goswami we iki ogly Wişal hem-de Kunal Goswamiler galdy. Onuň ogly Kunal hem belli kino işgäridir.