Moskwada Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewanyň doglan gününiň 95 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmen bilbili» atly konsert geçirildi. Zurab Sereteliň Sungatlar galereýasynda geçirilen bu çäre Nury Halmämmedowyň adyny göterýän «Dutaryň owazy» atly IX Moskwa halkara sungat festiwalyna badalga berdi.
Konserte Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň wekilleri, şol sanda ilçi Esen Aýdogdyýew, türkmen diasporasy, döredijilik we ylmy intelligensiýanyň wekilleri gatnaşdy. Myhmanlaryň köpüsi ajaýyp aýdymçy we mugallym bolan Medeniýet Şahberdiýewa hakynda ýakymly ýatlamalary bilen paýlaşdylar. Bu barada THP ýazýar.
Özboluşly soprano sesi bilen tanalýan Medeniýet Şahberdiýewanyň döredijiligi köp kompozitorlara, şol sanda festiwaly esaslandyryjy Mämmet Guseýnowa hem ylham çeşmesi bolup hyzmat edipdi.
Medeniýet Şahberdiýewanyň döredijiligi kompozitor Nury Halmämmedow bilen berk baglanyşyklydyr. Nury Halmämmedow Medeniýet Şahberdiýewa üçin ýigrimi bäşden gowrak romans ýazypdyr. Olaryň arasynda «Hirosimanyň we Nagasakiniň çagalarynyň eşidilmedik aýdymlary» atly wokal-simfoniki eser hem bar. Bu eser konsertde Darýa Guseýnowa tarapyndan täsirli ýerine ýetirildi.
Konsertde şeýle hem Ýewropa klassikasynyň arialary we türkmen kompozitorlarynyň romanslary Moskwanyň teatrlarynyň tanymal we geljegi uly aýdymçylary tarapyndan ýerine ýetirildi.