Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Sukuba uniwersitetiniň arasynda Ähtnama gol çekildi

20:1307.04.2025
0
26253

Şu gün Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýaponiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Sukuba uniwersitetiniň arasynda wodorod energiýasy boýunça bilelikdäki ylmy-barlaglar babatda hyzmatdaşlyk etmek baradaky özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu möhüm waka wideoaragatnaşyk görnüşinde ýokary derejede guramaçylykly geçirildi diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berdi.

Gol çekilen resminama Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň nobatdaky möhüm tapgyry bolup, onuň esasy maksady wodorod energetikasy ýaly geljegi uly we dünýäde möhüm orny eýeleýän ugurda bilelikdäki ylmy-barlaglary geçirmekden, şeýle hem ekologiýa taýdan arassa we durnukly energetika tehnologiýalaryny ösdürmekden ybaratdyr.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew we Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti, professor Kýosuke Nagata çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda bilim, ylym we tehnologiýa ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň diňe bir iki ýurduň arasynda däl, eýsem, dünýä derejesindäki ösüş üçin hem örän uly ähmiýete eýedigini nygtadylar.

Dabara Sukuba uniwersitetiniň halkara gatnaşyklary boýunça wise-prezidenti professor Osamu Ohneda, şeýle hem Ynsanperwer we jemgyýetçilik ylymlary institutynyň dekany, ýerine ýetiriji direktory, professor Toşinobu Usuýama hem gatnaşdylar.

Bu Ähtnama diňe bir iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine däl, eýsem, halkara ylmy gatnaşyklarynyň ösmegine, ýaş alymlaryň we talyplaryň täze tejribeleri ele almagyna giň ýol açýar. Şeýle hem wodorod energiýasy ýaly möhüm ugurda alnyp barylýan ylmy-barlaglaryň netijeleri dünýä jemgyýetçiliginiň durnukly ösüşine möhüm goşant goşar diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň