Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen ýokary okuw mekdebinde täze ÝUNESKO kluby açyldy

14:5707.04.2025
0
20838

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde «Parahatçylyk, ynanyşmak — ynsanperwerligiň we ösüşiň binýady» atly ÝUNESKO kluby açyldy. Klubuň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowa, şeýle-de ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylarydyr professor mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berdi.

Bellenilişi ýaly, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ÝUNESKO klubynyň açylmagynyň esasy maksady ýaşlary hakyky watansöýüjilik, mertlik ruhunda terbiýelemekde, milli däp-dessurlara, medeniýete sarpa goýmakda amala aşyrylýan işleriň nobatdaky subutnamasy bolup durýar. Täze klubda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy we maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Türkmenistanyň birnäçe ýadygärliklerine degişli gymmatlyklar ýerleşdirilipdir.

Şu dabara mynasybetli ýokary okuw mekdebiniň mejlisler zalynda aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Dabaranyň dowamynda talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde edebi-sazly kompozisiýa görkezildi. Dabaranyň jemleýji pursatlarynda ýokary okuw mekdebiniň «Owaz» aýdym-saz topary tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» atly aýdym ýerine ýetirildi.

Ýeri gelende bellesek, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde «Parahatçylyk, ynanyşmak — ynsanperwerligiň we ösüşiň binýady» atly ÝUNESKO klubunyň açylmagy bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde hereket edýän şeýle klublaryň sany 6-a ýetdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň