Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti ýurduň teleradioýaýlymynyň zerurlyklaryny üpjün etmek üçin awtoulag satyn almak boýunça tender yglan etdi.
Çap edilen bildirişe görä, edara mikroawtobuslary, ýarym ýük awtoulaglary (Pickup) we daglyk ýerlerde ulanmak üçin niýetlenen Toyota Corolla kysymly ýeňil awtoulaglary satyn almakçy bolýar – diýip, «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.
Tender bäsleşigine Türkmenistanyň çäginde resmi hasaba alnan awtoulag pudagynda iş alyp barýan kompaniýalaryň we olaryň şahamçalarynyň gatnaşmaklyga çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmak üçin edaranyň hukuk derejesini we rekwizitlerini öz içine alýan kompaniýa barada doly maglumatlary görkezip, arza berilmelidir.
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirenler tenderiň şertleri bilen tanyşmalydyrlar, zerur bolan tehniki görkezmeleri almalydyrlar we täjirçilik teklibini taýýarlamalydyrlar. Resminamalaryň toplumyna hödürlenýän ulag serişdeleriniň hilini we gelip çykyşyny tassyklaýan resminamalar girmelidir.
Arzalar 2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde sagat 18:00-a çenli Aşgabat şäheriniň «Türkmenistan» teleradioýaýlymy merkezinde kabul edilýär. Goşmaça maglumatlary 44-24-24, 44-22-00 telefon belgileri, 92-52-42 faks ýa-da mailto:orun.teh@turkmentv.gov.tm elektron poçtasy arkaly alyp bilersiňiz.