Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Russiýa Stambuldan Burak atly pişik gizlin ýüzüp geldi

18:0904.04.2025
0
20884
Russiýa Stambuldan Burak atly pişik gizlin ýüzüp geldi
Surat: RBK

Stambuldan Russiýa gämide gizlin ýüzüp gelen Burak atly pişik dört hepde bäri Noworossiýskiniň deňiz portunda ýaşaýar. Bu barada «RIA Nowosti» habarlar gullugyna salgylanýan «rbc.ru» gürrüň berýär.

«Dört aýakly syýahatçy özüni diýseň rahat duýup, dynç alýar. Ony indi elde göterilýän dar kapasajykdan giň kapasa geçirdidiler» diýlip, habarda aýdylýar.

Pişik Russiýa «FESCO» ulag-logistik kompaniýasynyň gämisinde geldi. Deňizçiler onuň myrlaýandygyny eşitdiler. Olar ýükleriň arasynda gysylyp galan pişigi halas etmeli diýen karara geldiler. Ony dar ötükden naharladylar, suw berdiler. Burak diýip at dakdylar. Ol gämi Noworossiýskiniň portunda labyr taşlanda, halas edildi.

Gümrükhana düzgünlerine laýyklykda, bikanun gelen pişigi yzyna – Türkiýä ibermekleri mümkin, ol indi portda ykbalynyň nähili çözüljekdigine garaşýar diýlip, habarda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň