Türkmenistanyň milli ýygyndysy Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) reýtinginde 142-nji orny eýeläp, biraz ýokary galdy. Guramanyň resmi saýtynda penşenbe güni täze reýtingiň sanawy neşir edildi.
Mart aýynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy 2027-nji ýylyň Aziýa Kubogy ugrundaky saýlama ýaryşda myhmançylykda Hytaý Taýbeýiniň milli ýygyndysyna garşy duşuşyk geçirip, 2:1 hasaby bilen ondan üstün çykdy.
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hasabynda 1076,13 bal toplandy.
FIFA-nyň täzelenen reýtinginde Türkmenistanyň milli ýygyndysy Farer adalarynyň ýygyndysy (141-nji orun) bilen Litwanyň ýygyndysynyň (143-nji orun) arasynda ýerleşýär. Reýtingiň sanawynda jemi 211 milli ýygyndy bar.
Dünýä reýtingindäki öňdebaryjy orny häzirki dünýä çempiony Argentinanyň milli ýygyndysy saklap gelýär. Ikinji orunda häzirki Ýewropanyň çempiony Ispaniýanyň ýygyndysy bolup, ol Fransiýanyň ýygyndysyndan ýokarda durýar.
Dördünji we bäşinji orunlary degişlilikde Angliýanyň we Braziliýanyň milli ýygyndylary eýeleýär.
Aziýanyň ýygyndylarynyň arasynda reýtingde iň ýokary orny Ýaponiýa (15-nji orun) eýeleýär. Aziýanyň güýçli ýygyndylarynyň üçlügine şeýle-de Eýran (18-nji orun) we Koreýa Respublikasy (23-nji orun) girýärler.
FIFA-nyň reýtinginiň indiki täzelenjek senesi 10-njy iýula meýilleşdirilýär.