Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýly antropologlar mundan 16 müň ýyl öň ýaşan adamyň ýüz-keşbini dikeltdiler

16:1102.04.2025
0
20112
Hytaýly antropologlar mundan 16 müň ýyl öň ýaşan adamyň ýüz-keşbini dikeltdiler
Surat: Rg.ru

Hytaýly alymlara 3D-tehnologiýasynyň kömegi bilen ýurduň çäginde mundan 16 müň ýyl öň ýaşan gadymy adamyň ýüz-keşbini dikeltmek başartdy.

Bu barada «Journal of Archaeological Science» ylmy neşirinde çap edilen makalada beýan edilişine görä, gadymy adamyň bitin kelleçanagydyr aşaky äňi HHR-iň günortasyndaky Guansi-Çžuan awtonom etrabyndaky Ýahuaý gowagyndan tapylypdy. Üçölçegli modelirlemek gadymy adamyň ýüz-keşbini takyk dikeltmäge mümkinçilik berdi. Ylmy barlaglaryň maksady gadymy «Homo Sapiens»-iň häzirki adamlar bilen deňeşdirilende, nähili keşpde bolandygyny anyklamakdan ybaratdy.

Ýahuaý gowagy 2014-nji ýylda tapyldy. Onda gadymy adamyň ystyhanynyň galyndylarynyň üsti açyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň