Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Balkanabatda Türkmenistanyň sirk sungatynyň ussatlarynyň çykyşlary geçirildi

15:2102.04.2025
0
22621

Balkanabat şäheriniň «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky Döwlet atly sirkiniň we «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlary geçirildi.

Tomaşaçylar masgarabazlaryň, akrobatlaryň, žonglýorlaryň we erkin ýagdaýda tälim berlen haýwanlaryň öz tälimçileri bilen eden çykyşlaryna syn etdiler. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň maksatnamasy aýratyn joşgun döretdi. Jigitler çapyp barýan ahalteke atlarynda dik duruşlaryny, piramida guruşlaryny we beýleki çylşyrymly tilsimleri görkezdiler.

«Atlaryň ýyndamlygy tomaşaçylary haýran galdyrdy. Ahalteke atlarynyň mylaýym häsiýeti hemmeleri özüne çekýär. Türkmenleriň at üstünde dürli tilsimleri ýerine ýetirmek sungatyny halkymyza görkezmek biziň üçin uly hormatdyr» — diýip, «Galkynyş» milli at üstündäki toparyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Serdar Pygyýew belledi.

Geljekde bu topar öz sirk çykyşlarynyň maksatnamasyny has-da giňeltmegi meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň