Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Maý aýynda türkmen-eýran hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçiriler

16:2001.04.2025
0
16933
Maý aýynda türkmen-eýran hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçiriler
Surat: Newscentralasia

Şu ýylyň maý aýynyň ahyrynda Tähranda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Bu mesele Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşygy ministri Farzane Sadeghi Malwajerdiň arasynda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Eýranyň Hökümetiniň resmi portalynyň habar bermegine görä, Aşgabatda geçirilen gepleşiklerde gün tertibiniň möhüm meseleleriniň biri gaz we elektrik energetikasy pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk boldy. Mundan başga-da, üstaşyr geçelgeleri, demir ýol we awtomobil gatnawlary bilen baglanyşykly hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Gepleşiklerde bellenilişi ýaly, hökümetara toparyň mejlisinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlary, şol sanda ulag, tehniki-inženerçilik we energetika hyzmatdaşlygy boýunça ýol kartalarynyň seljerilmegi meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, ministr Farzaneh Sadeghi Aşgabada saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň ulag pudagynyň resmi wekilleri bilen duşuşyp, iki ýurduň arasynda ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygyny giňeltmek we ulag geçelgelerini ösdürmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.

Gepleşikleriň dowamynda üstaşyr ýükleriň 20 million tonnasynyň daşalmagyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlygyň ýol kartasyny işläp düzmek, demir ýollaryň geçirijilik ukybyny artdyrmak we Lotfabad serhet geçelgesi arkaly utgaşykly (kombinirlenen) gatnawlary guramak meseleleri barada pikir alşyldy. Taraplar Ýewraziýa sebitinde ulag gatnaşyklaryny ösdürmegi maksat edinýän «TRACECA» maksatnamasynyň çägindäki hyzmatdaşlygy hem gözden geçirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň