Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Rowachlan Galkynysh» HK önümçilik kuwwatyny 30% ýokarlandyrdy

10:0501.04.2025
0
23322

«Rowachpack» brendi astynda ýokary hilli polipropilen gaplamalary öndürýän «Rowachlan Galkynysh» hususy kärhanasy önümçilik kuwwatynyň ep-esli ýokarlanandygyny habar berdi. 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, kompaniýa önümçiligiň möçberlerini 30% ýokarlandyrdy, bu bolsa «Rowachpack» haryt nyşanly önümlere bolan islegiň artýandygyny we kompaniýanyň üstünlikli ösüş strategiýasyny durmuşa geçirýändigini görkezýär.

«Rowachlan Galkynysh» ýokary hili we ygtybarlylygy bilen tapawutlanýan polipropilen gaplamalaryň dürli görnüşlerini, şol sanda uly gaplary (big-beg), torbalary we azyklyk haltalary hödürleýär. «Rowachpack» önümleri köptaraplylygy, ulanmagyň aňsatlygy we elýeterli bahasy netijesinde uly meşhurlyga eýedir.

«Rowachpack» gaplamalaryny taýýarlamak üçin ulanylýan polipropileniň birnäçe möhüm artykmaçlyklary bardyr:

- ýokary berklik. Material ýyrtylmaga we zeperlenmä çydamlydyr, bu bolsa islendik şertlerde daşalanda we saklananda önümleriň howpsuzlygyny üpjün edýär.

- daşarky täsirlerden gorag. Polipropilen gaplar saklanýan önümi çyglylykdan, tozandan we beýleki daşarky täsirlerden ygtybarly goraýar.

- himiki durnuklylyk. Gaplar himiki serişdeleriň köpüsi bilen reaksiýa girmeýär, bu bolsa ony iýmit önümlerini, kosmetika serişdelerini, hojalyk himiýa serişdelerini we beýleki önümleri gaplamak üçin iň amatly çözgüde öwürýär.

Önümçilik kuwwatynyň ýokarlanmagy «Rowachlan Galkynysh» kompaniýasyna önümlerine barha artýan islegi kanagatlandyrmaga we polipropilen gaplama bazaryndaky ornuny berkitmäge mümkinçilik berer. Kompaniýa müşderilerine ýokary hilli önümleri hödürlemek üçin önümçiligi döwrebaplaşdyrmaga maýa goýmagy we täze tehnologiýalary ornaşdyrmagy dowam etdirýär.

Has giňişleýin maglumat almak we «Rowachpack» önümlerini sargyt etmek üçin «Rowachlan Galkynysh» HK bilen şu telefonlar arkaly habarlaşyp bilersiňiz: (+993 62) 29 29 69 we (+993 12) 29 29 69.

Şeýle hem sargytlaryňyzy rowachpack@gmail.com elektron poçta salgysyna iberip bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň