Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Maltanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny, suwuklandyrylan gazy, uçar kerosinini, polipropileni, az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar.
Mundan başga-da, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň telekeçileri biz we aşgarlanmadyk matalary, nah ýüplügi, pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 127 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 72 million 880 müň manada deň bolan gazbeton bloklaryny, binýatlyk ýagy we nebit ýol bitumyny («Türkmennebit» döwlet konserni), dokma önümçiliginiň galyndylaryny, pagta süýümini, gaplama plýonkasyny, nah ýüplügi satyn aldylar.