Öňdäki onýyllykda emeli aň (EA) ulgamynda gazanyljak üstünlikler netijesinde dünýäniň ykdysadyýetiniň köp pudaklarynda adam zähmeti görnetin azalar. Bu barada «Microsoft» kompaniýanyň esaslandyryjysy Bill Geýtsiň we emeli aň ulgamynda görnükli işgärleriň soňky ýyllardaky interwýularyna salgylanýan «CNBC» neşiri habar berdi.
Geýtsiň sözlerine görä, golaý onýyllyklarda dünýä «azat aňyň» täze eýýamyna gadam basar. Bu emeli aň esasynda tehnologiýalaryň okgunly ösüşine getirer, olar lukmançylyk hyzmatyndan we barlagyndan başlap, EA-mugallymlardyr wirtual kömekçilere çenli durmuşyň ähli ugurlaryna galtaşmak bilen, elýeterli bolarlar.
Geýts interwýularynyň birinde şeýle hem bu ösüşleriň diýseň çalt boljakdygyny we olaryň çäginiň görünmeýändigini nygtap, munuň biraz gorkuzýandygyny-da boýun aldy.
Emma käbir bilermenler EA-nyň ösüşini adamzadyň geljegi babatda peýdaly hasap edýärler, olaryň pikiriçe, emeli aň adamyň zähmetini doly çalyşman, olaryň işiniň täsirliligini artdyryp, ykdysady ösüşe we täze iş orunlarynyň döremegine getirer.
Bu barada «Gazeta.ru» ýazýar.