Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Berkarar» kinoteatry Rus kinosynyň festiwalyna çagyrýar: jadylaryň we başdan geçirmeleriň dünýäsine aralaşyň

16:5827.03.2025
0
15920

Aşgabatdaky «Berkarar» kinoteatry kino söýüjileriniň gyzykly rus filmleriniň dünýäsine aralaşmagy üçin özboluşly meýdança öwrüler. 28 – 30-njy mart aralygynda bu ýerde Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň goldaw bermeginde ROSKINO tarapyndan guralýan Rus kinosynyň festiwaly geçiriler.

Türkmenistan bu giň gerimli kinoforumy kabul edýän GDA-nyň ilkinji ýurdy bolar. Tomaşaçylar ertekiler dünýäsine aralaşyp, söýgüli filmleriniň gahrymanlary bilen duşuşarlar hem-de rus kinosungatynyň iň täze filmleri bilen tanşarlar.

«Rus kinosynyň festiwaly Türkmenistan 2025» festiwalynyň çäklerinde tomaşaçylar dört filmden, şol sanda maşgala blokbasterlerinden we ýaş tomaşaçylar üçin animasion filminden lezzet alyp bilerler.

Eýýäm rus tomaşaçylarynyň söýgüsini gazanan we 2025-nji ýylda iň köp girdeji gazanan filmleriň arasynda üçlüge girmegi başaran «Finist. Ilkinji pälwan» atly maşgala ertekisiniň görkezilmegi festiwalyň esasy wakalarynyň biri. «Iň soňky pälwan» franşizasy we «Çeburaşka» filmi bilen meşhurlyk gazanan režissýor Dmitriý Dýaçenko gyzykly başdan geçirmeler we ajaýyp kinoeffektler bilen tomaşaçylary ýene bir gezek begendirer.

Ertekileriň muşdaklaryna Hans Kristian Anderseniň eseri esasynda döredilen Aleksandr Woýtinskiniň režissýorlyk eden «Çakmak» filmi garaşýar. Režissýoryň ozalky işi bolan «Çüýbalygyň emri bilen» atly filmiň geçen ýyl Türkmenistanda geçirilen festiwalda uly meşhurlyga eýe bolandygyny bellemek gerek.

Režissýor Dmitriý Şpilenokyň dokumental we çeper filmiň aýratynlyklaryny özünde jemleýän «Ot tilkisi» atly özboluşly işi tomaşaçylara Kamçatkanyň ýabany tebigatynyň gözelligi we Ýel atly tilki çagasynyň täsin hekaýasy bilen tanyşmaga mümkinçilik döreder.

Ýaş tomaşaçylara režissýor Wasiliý Rowenskiniň «Uly syýahat. Ýer ýüzüne» atly animasion filmi garaşýar. Bu multfilm bütin dünýäde tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan aýy Mik-Mik we onuň dostlarynyň başdan geçirmeleri baradaky meşhur franşizanyň dowamydyr.

«Berkarar» kinoteatrynda geçiriljek Rus kinosynyň festiwalyna gatnaşmak mümkinçiligini elden gidirmäň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň