Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Gazagystanyň Özbegistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Bahramjon Aloýew bilen duşuşdylar. Duşuşygyň dowamynda türkmen ilçisi Şadurdy Meredow sebit ýurtlary bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary barada habar berdi.
25-nji martda geçirilen duşuşygyň dowamynda Özbegistan bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Bellenilişi ýaly, duşuşykda «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» strategik dialogynyň çäklerinde sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki çäreleri guramak meselelerine aýratyn üns berildi.