Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçihanasy Astana şäheriniň häkimligi tarapyndan Nowruz baýramy mynasybetli guralan dabara gatnaşdy. Şeýle-de bu dabara Özbegistan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçihanalary, Gazagystanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary hem-de türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Çäre Astana şäheriniň merkezi seýilgähinde geçirildi we myhmanlar üçin dürli medeni hem-de dynç-alyş çäreler guraldy diýip, Türkmenistanyň Astanadaky diplomatik wekilhanasy habar berdi.
Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan Türkmeniň milli ak öýünde myhmanlara milli el işleri, el halylary, şaý-sepler, milli lybaslar, sowgatlyklar görkezildi hem-de milli tagamlar hödür edildi. Ak öýde görkezilen milli bezeg şaý-sepler hem-de el halylary myhmanlaryň ünsüni aýratyn özüne çekdi.
Bellenilişi ýaly, Nowruz baýramy mynasybetli Astanada guralan dabara halkara hyzmatdaşlygy we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin möhüm meýdança öwrüldi.