Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşdy.
17-nji martda bolan duşuşygyň dowamynda iki ýurduň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň geljegi, ýokary bilim we hünär taýýarlygy, şeýle-de ýaşlaryň bilim mümkinçilikleriniň giňeldilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşykda iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, bilim we tejribe alyşmalar bilen baglanyşykly hyzmatdaşlyk şertnamalarynyň ýerine ýetirilmegi barada gürrüň edildi.
Iki ýurduň arasyndaky bilim babatda hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysaly hökmünde «Petronas» kompaniýasynyň Türkmenistandaky işjeňligi bellenildi. Bu kompaniýanyň Tehnologik uniwersitetinde türkmenistanly ýaşlaryň ýokary hilli bilim almaklary üçin döredilýän mümkinçilikler aýratyn nygtaldy.
Duşuşykda iki ýurduň bilim edaralarynyň arasynda täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny işläp taýýarlamak, şol sanda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça teklipler öňe sürüldi. Şeýle hem Malaýziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň Türkmenistanda geçirilýän halkara olimpiadalara we bäsleşiklere işjeň gatnaşmagy babatda pikir alşyldy.
Bilim ministri Türkmenistanda geçiriljek Mekdep okuwçylarynyň II Halkara matematika olimpiadasyna malaýziýaly okuwçylaryň gatnaşmagy üçin çakylyk hatyň iberilendigini belläp, bu çäräniň iki ýurduň bilim gatnaşyklarynyň has-da berkemegine goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Malaýziýanyň hökümeti tarapyndan türkmen talyplary üçin talyp haklarynyň (scholarship) hödürlenmegi mümkinçiligini öwrenmegi haýyş edip, bu başlangyç bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyra çykjakdygyna ynam bildirdi.
Malaýziýanyň ilçisi hödürlenen teklipler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda bilim ulgamynda gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady. Mundan başga-da, Malaýziýa bilen Türkmenistanyň arasynda orta hünär okuw mekdepleri boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky teklibini beýan etdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem işjeň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtap, täze taslamalaryň we bilim ugurly başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda bilelikde tagalla etjekdiklerini beýan etdiler.