Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäde şu gün Heýgenek gününi we Oňaýsyz pursatlaryň gününi belleýärler

08:5618.03.2025
0
11776
Dünýäde şu gün Heýgenek gününi we Oňaýsyz pursatlaryň gününi belleýärler
Surat: Vm.ru

18-nji martda dünýäde jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ulgamlary bilen baglanyşykly köp sanly baýramçylyklar bellenilýär. Mysal üçin, olaryň arasynda Heýgenek gününi, Oňaýsyz pursatlaryň gününi hem-de Gutujyklaryň gününi görkezmek bolar diýip, «vm.ru» portalyndan Hajyly Öwezmyradow ýazýar.

Heýgenek güni

Heýgenek gününi bellemek baradaky başlangyjy 1993-nji ýylda Jon Mijill diýen adam bu tagama hormatyň nyşany hökmünde teklip etdi. Şu gün adamlar heýgenegi dürli görnüşde taýýarlaýarlar. Bu ugurda köp sanly bäsleşikler we çäreler guralýar. Mysal üçin, heýgenegi tiz taýýarlamak, iň süýji heýgenek bişirmek, şeýle-de iň köp ýumurtga iýmek ýaryşlary geçirilýär.

Oňaýsyz pursatlaryň güni

Bu gün adamlary öz durmuşynda ýüze çykan oňaýsyz pursatlary bolşy ýaly kabul etmekde goldamak maksady bilen döredilendir. Bu gün adamlar sosial torlarda öz durmuşynda bolan wakalary «#AwkwardMomentsDay» heştegi astynda paýlaşýarlar. Köp adamlar 18-nji martda, ýagny şu gün ýörite oňaýsyz ýagdaý döredip, olar bilen bagly ýakymsyz duýgulary ýeňip geçmegi öwrenýärler.

Gutujyklaryň güni

Bu gün ýakynlaryňy begendirmek we öýi tämizlemek üçin bahanadyr. Köne gutulary we çaň basan ýaşşikleri dörüşdirip, geçmişden galan ýakymly ýatlamalary oýarýan köne-küşülleri tapmak ýa-da möwritini ötüren köne zatlary zyňmak däbi bar. Bu baýramy bellemek üçin öz ýakynyňa owadan bezegli gutujygy, ýaşşijegi, bankajygy, torbajygy ýa-da içine zat salyp boljak islendik zady sowgat bermek bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň