Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«BMW» girdejisini ýitirdi

18:1417.03.2025
0
20025
«BMW» girdejisini ýitirdi
Surat: Gazeta.ru

Germaniýanyň «BMW» awtokonserniniň girdejisi 37 göterim azaldy. Bu barada kompaniýanyň 2024-nji ýyl üçin hasabatynda aýdylýar diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Geçen ýylyň jemleri boýunça bu awtoulag öndürijiniň sap girdejisi 7,68 milliard ýewro deň boldy. «BMW» konserniniň iň köp girdejisi (42,7 göterim) Ýewropa bazaryna degişli, ondan soňra Aziýa (32,7göterim) we Günorta Amerika (22,4 göterim) gelýär.

2024-nji ýylyň netijeleri boýunça nemes kompaniýasynyň ulaglarynyň söwdasy hem azaldy we 2,5 miln birligi düzdi. Deňeşdirmek üçin, 2023-nji ýylda kompaniýa 2,6 mln awtoulagy bazarda ýerledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň