Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Estoniýanyň ilçisi geljekki türkmen diplomatlary bilen duşuşdy

16:2917.03.2025
0
21427
Estoniýanyň ilçisi geljekki türkmen diplomatlary bilen duşuşdy
Surat: Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginiň Halkara Gatnaşyklary Instituty

Şu gün Estoniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýaap Oran Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Эстония в мире» mowzugy boýunça talyp ýaşlara sapak geçdi. Ilçi Estoniýa Respublikasynyň taryhy, medeniýeti, onuň ykdysady ösüşi, şol sanda iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada giňişleýin gürrüň berdi.

Şeýle-de Estoniýanyň ilçisi bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory G.Ýusupowanyň arasynda hem duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan türkmen-eston gatnaşyklary we bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara pikir alyşdylar.

Duşuşykdan soňra Estoniýa Respublikasynyň ilçisi türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebine aýlanyp, institutda ýerleşýän Türkmen diplomatiýasynyň taryhy muzeýi, institutyň «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO kluby, şeýle hem geljekki halkaraçy hünärmenleri taýýarlamakda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň