Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Birža söwdalarynda 59 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy

11:3417.03.2025
0
10574

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, şeýle hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 kysymly awtoulag benzinini satyn aldylar.

Hytaýyň, Owganystanyň, Serbiýanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri («Türkmennebit» döwlet konserni), nebit ýol bitumyny, gazbeton bloklary, şeýle hem buýan köküniň goýy ekstraktyny, aşgarlanmadyk flanel matany, nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 59 million 651 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýerli işewürler içerki bazar üçin bahasy 51 million 350 müň manatlyk nebit ýol bitumyny we binýatlyk ýagy («Türkmennebit» döwlet konserni) satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň