Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Minsk dünýäniň gezelenç etmek üçin iň gowy şäherleriniň 20-ligine girdi

12:4615.03.2025
0
18403
Minsk dünýäniň gezelenç etmek üçin iň gowy şäherleriniň 20-ligine girdi
Surat: Sputnik Belarus

«Visual Capitalist» mediakompaniýasy tarapyndan dünýäniň gezim etmek üçin iň gowy şäherleriniň 20-liginiň sanawy çap edildi. Onda 15 minut pyýada ýöremegiň çäklerinde mekdepler, hassahanalar, restoranlar we dükanlar ýerleşýän şäherlere baha berildi. Bu barada «Sputnik.by» ýazýar.

Sanawda birinji orny Milan şäheri eýeledi, Italiýanyň ikinji uly şäheri aňrybaş ykjam we oňaýly şäher diýlip ykrar edildi, bu ýerde esasy amatlyklara ýetmek üçin pyýada aralyk 6 minut 24 sekunda deňdir.

Ikinji orunda 6 minut 36 sekunt görkeziji bilen Daniýanyň paýtagty Kopengagen ýerleşdi. Üçünji orny ýene bir italýan şäheri Turin eýeledi, ol ýerde sanalyp geçilen ýerlere barmak üçin 7 minut 6 sekunt pyýada ýöremek ýeterlikdir.

Ilkinji onluga Dublin, Lion, Mýunhen, Pariž, Marsel, Genuýa we Edinburg girdi. Belarusyň paýtagty Minsk 16-njy orunda ýerleşdi. Minskde dükanlara, mekdeplere we hassahanalara barmak üçin pyýada 8 minut 36 sekunt ýöremek ýeterlikdir. Ýigrimilige Berlin, Wena, Sankt-Peterburg, Bilbao, Bordo, Ştutgart, Lill, Barselona we Oslo şäherleri girizildi. Barlaglar geçirilende, ilaty 500 müň we ondan geçýän ilatly şäherler göz öňünde tutuldy.

Aziýada pyýada gezelenç etmek üçin iň gowy şäher diýlip, Ýaponiýanyň Kioto şäheri yglan edildi, ol 28-nji orunda ýerleşdi. Aziýanyň Taýbeý, Katmandu, Taýçžun we Tokio şäherleri hem sanawda orun aldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň