Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ykdysadyýet fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Jennet Berdiýewa we dolandyryş fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Arslan Şaýymow Gazagystanda geçirilen «Ýylyň talyby – 2024» atly halkara bäsleşiginiň ýeňijileri boldular.
Bäsleşik "National Academy of Scientific and Innovative Research" (NAcSIR) tarapyndan gurnaldy. Bu çärä Azerbaýjanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň we beýleki ýurtlaryň wekilleri gatnaşdylar.