Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde häzirki zaman türkmen edebiýatynyň görnükli şahyrynyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanyp «Gurbannazar Ezizowyň sözüniň güýji» atly dabaraly çäre geçirildi.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, uniwersitetiň talyplary şahyryň «Türkmen sährasy», «Keýpine» we «Älemgoşar» ýaly goşgularyna sözlerine döredilen aýdymlary ýerine ýetirdiler. Konsertiň maksatnamasynyň çäklerinde uniwersitetiň «Oguzlar» atly döredijilik toparynyň agzalary birnäçe tans çykyşlaryny taýýarlapdyrlar.
Çäräniň dowamynda Gurbannazar Ezizowyň ömri we döredijiligi barada gürrüň berýän «Serpaý» filminden bölekleriň görkezilmegi gatnaşyjylarda has hem uly täsir galdyrdy.