Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Bu çäre ilçihana tarapyndan Pakistanda ýaşaýan owgan türkmen diasporasynyň wekilleri üçin guraldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň täze kitabynda Magtymgulynyň türkmen halkynyň taryhyndaky ähmiýetiniň, onuň döredijiliginiň we dünýä edebiýatyna goşan goşandynyň giňişleýin açylyp görkezilendigini nygtadylar.
Şeýle-de myhmanlara Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredildi.