Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

2025-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen HZG-niň arasyndaky özara gatnaşyklaryň esasy ugurlary kesgitlenildi

12:1728.02.2025
0
18509

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Baş müdiriniň kömekçisi, Sebitleýin direktory Beate Andresiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda 2025-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen HZG-niň arasyndaky özara gatnaşyklaryň esasy ugurlary kesgitlenildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar «2024-2025-nji ýyllar üçin bilelikdäki çäreleriň Ýol kartasyna» laýyklykda 2024-nji ýylyň dowamynda edilen işleriň netijelerine garadylar. Türkmen tarapy HZG-niň bilermenleriniň gatnaşmagynda degişli okuwlary we seminarlary geçirmek boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi teklip etdi.

Şeýle hem Halkara zähmet guramasynyň konwensiýalaryna goşulmak arkaly Türkmenistanyň şertnama-hukuk binýady berkitmek we geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere, hususan-da, Halkara zähmet konferensiýasyna taýýarlyk görmegiň meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda hyzmatdaşlygyň bilelikdäki meselelerini we bilelikde geçirilmeli çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Adamlaryň arasynda parahatçylygy, durnuklylygy we özara düşünişmegi saklamagyň durmuşyň ähli ugurlaryna gönüden-göni täsir edýändigi bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň