Şu gün Aşgabatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawid bilen duşuşygy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadaga hoşallyk bildirip, Türkmenistana ilkinji gezek gelýändigini we munuň özi üçin buýsançly wakadygyny aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Pedro Wargas Dawidi mähirli mübärekläp, Türkmenistanda «Euronews» telekompaniýasy ýaly abraýly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.
Halk Maslahatynyň Başlygy dünýäde millionlarça tomaşaçysy bolan «Euronews» telekompaniýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjiligi, dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy we ynanyşmagy ündeýän başlangyçlaryny dünýä ýaýmak ugrunda işleri mundan beýläk-de ilerletmäge türkmen döwletiniň gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şunda Türkmenistan bilen «Euronews» telekompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň toplanan oňyn tejribesi aýratyn bellenildi.
Duşuşygyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň dünýäniň ähli döwletlerini we halkara guramalary parahatçylygy, dostlugy, özara hormat goýmagy we ynanyşmagy pugtalandyrmak ugrunda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýandygyny nygtady. Gahryman Arkadag bu maksatlary giň köpçülige ýetirmek işiniň «Euronews» telekompaniýasy ýaly meşhur, ygtybarly we iri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň goldawy bilen mümkin boljakdygyna berk ynam bildirdi.
«Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna we giňeldilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini, bilelikde köp işleri amala aşyryp boljakdygyny we häzirki wagtda bu ugurda netijeli başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda maglumat we habar beriş işine aýratyn üns çekilýändigini belledi we bu şanly ýyla bagyşlanan dürli çäreleri, dialog meýdançalaryny «Euronews» telekompaniýasy bilen hem guramagy teklip etdi.
Gahryman Arkadag Türkmenistanda ýaş žurnalistleriň, bu ugurdan okaýan talyplaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýändigini belledi hem-de türkmen döwletiniň bu ulgamda «Euronews» telekompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça tekliplere garamaga taýýardygyny tassyklady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şeýle hem Türkmenistanyň baý medeniýeti, taryhy, syýahatçylyk üçin döredilýän mümkinçilikleri baradaky maglumatlary giň köpçülige has täsirli ýetirmek ugrunda täze taslamalara we mümkinçiliklere seretmäge taýýardygyny tassyklady.