Çukotkada ýiten sugundary eýýäm dört gije-gündiz bäri gözleýärler. Onuň ykbaly henizem nämälimligine galýar. Gözleg işlerine dikuçary hem çekdiler.
Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi howadan tundranyň 130 kilometrden gowrak çägini barlady, emma netijesiz diýip, «MIR 24» ýazýar.
Erkek kişi we zenan garda ýöreýän ulagda Konergino obasyndan sugundarlaryň toparyna tarap ýola düşüpdirler. Emma olar barmaly ýerlerine ýetmändirler. Meýletinçiler olaryň münen ulagyny hem-de zenanyň jesedini tapdylar. Emma onuň ýanynda erkek kişi ýok ekeni. Gözleg işleriniň geçirilýän etrabynda howanyň temperaturasy – 25 gradus sowuk.