Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

16 kilometre çenli zolagy ýapýan Wi-Fi-routeri satuwa çykaryldy

14:4226.02.2025
0
13870
16 kilometre çenli zolagy ýapýan Wi-Fi-routeri satuwa çykaryldy
Surat: Gazeta.ru

Simsiz aragatnaşyk ulgamynda çözgütlere ýöriteleşen «Morse Micro» kompaniýasy täze MM-HL1-EXT kysymly Wi-Fi HaLow-marşrutizatory bilen tanyşdyrdy, ol 16 kilometrlik çäkde internete elýeterliligi üpjün eder.

Bahasy 99 dollar bolan enjam az energiýa hem-de uzak aralykda aragatnaşygy talap edýän oba ýerlerinde we senagat maksatlary üçin ulanmaga niýetlenendir. Bu barada «TechSpot» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

«Morse Micro» kompaniýasy eýýäm on ýyla golaý wagt bäri Wi-Fi HaLow ulgamyny ösdürmekde işläp gelýär, ol aralygy artdyrmak we energiýanyň sarp edilişini azaltmak boýunça üstünlikleri gazanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň