Lebap sement zawodynda ýanwar aýynda öndürilen sement 111 müň tonnadan geçdi. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 71,6 göterim kändir. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, sement önümçiligindäki öňegidişlik tutuş sebitiň senagat önümçiligine hem täsirini ýetirdi. Ýylyň ilkinji aýynda sebitde 1711 million manatlykdan gowrak senagat önümleri öndürildi. Bu mukdar hem geçen ýylyň degişli döwründäkiden ep-esli kändir.
Lebap sement zawody häzir ýylda 2 million tonna sement öndürmek kuwwatyna eýe boldy. Bu kuwwatly kärhanada öndürilen möhüm gurluşyk serişdesine dünýä bazarlarynda hem isleg ýokary diýlip, habarda bellenilýär.