Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Eduards Stipraýs ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili wezipesine bellendi

15:4525.02.2025
0
15827

Ýewropa Geňeşi jenap Eduards Stipraýsy Merkezi Aziýa boýunça Ýewropa Bileleşiginiň täze ýörite wekili hökmünde wezipä belledi. Ol 2025-nji ýylyň 1-nji martyndan öz wezipesine girişer we ilkinji mandat möhleti iki ýyl bolar. Ol bu wezipede Teri Hakalanyň ornuny eýelär.

Ýewropa Geňeşiniň ýaýradan metbugat beýanatyna görä, täze ýörite wekil Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary umumy bähbitlere esaslanyp ösdürmek, sebitdäki durnuklylygy we özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak wezipesini ýerine ýetirer.

Mundan başga-da, ol Ýokary wekil bilen ýakyn hyzmatdaşlykda ÝB-niň halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmaga, şol sanda beýleki hyzmatdaşlar we halkara guramalar, hususan-da, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy hem-de Birleşen Milletler Guramasy bilen has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilen işleri hem alyp barar.

Jenap Eduards Stipraýs uly tejribesi bolan latwiýaly diplomatdyr. Ol dürli ýyllarda Latwiýanyň Ýewropa Bileleşigindäki hemişelik wekili we Latwiýanyň Daşary işler ministrliginiň syýasy meseleler boýunça döwlet sekretarynyň orunbasary wezipelerinde işledi. 2016 — 2020-njy ýyllarda ol ÝB-niň Özbegistandaky wekilhanasyna ýolbaşçylyk etdi, şeýle-de Latwiýanyň Angliýadaky we Fransiýadaky ilçisi bolup işledi.

Eduards Stipraýs 1969-njy ýylyň 19-njy fewralynda Latwiýanyň Riga şäherinde dünýä indi. Ol 1993-nji ýylda Latwiýa uniwersitetinde ykdysadyýet boýunça magistr derejesini aldy. Öýlenen, bir gyzy bar. Ol 1991-nji ýylda Latwiýanyň döwlet dolandyryş ulgamynda işe başlady we 1993-nji ýylda ýurduň diplomatik gullugyna girdi.

Ilçi Stipraýs zähmet ýolunyň dowamynda birnäçe milli we halkara sylaglara mynasyp boldy. Şeýle-de Ýewropanyň integrasiýasy we giň halkara meseleleri boýunça dürli neşirleriň taýýarlanylmagyna gatnaşdy.

Ýeri gelende ýatlatsak, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili hökmünde işini tamamlan hanym Teri Hakala bu wezipä 2021-nji ýylyň 1-nji iýulynda girişipdi. Ozal habar berşimiz ýaly, ol wezipesini tamamlamazdan ozal geçen ýylyň dekabr aýynda sebitiň ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda hem saparda boldy. Saparyň dowamynda hanym Teri Hakala Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň