Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Tatarystanyň baştutany Akdus atly alabaýyny resmi taýdan bellige aldyrdy

14:3624.02.2025
0
27288

Tatarystanyň baştutany Rustam Minnihanow dört ýyl mundan ozal türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan sowgat berlen Akdus («Ak dost») atly alabaý itini resmi taýdan bellige aldyrdy.

Tatarystanyň ýolbaşçysy öz Telegram kanalynda it üçin zerur bolan ähli resminamalaryň suratlaryny görkezdi.

Akdus Tatarystanyň baştutanynyň sosial ulgamlarynda yzygiderli peýda bolýar we janköýerleriň arasynda uly gyzyklanma döredýär. Öý haýwanyny bellige almak 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Tatarystanda itleri hökmany hasaba almagyň girizilmegi bilen baglanyşykda amala aşyrylýar. Bu bolsa respublikanyň ýolbaşçylygynyň öý haýwanlaryna jogapkärli garaýyşynyň şahsy mysaly bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň