Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ärdogan Türkiýäniň Adalat we ösüş partiýasynyň başlyklygyna gaýtadan saýlandy

13:4724.02.2025
0
14878
Ärdogan Türkiýäniň Adalat we ösüş partiýasynyň başlyklygyna gaýtadan saýlandy
Surat: Medyascope

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Ankarada geçen gurultaýda ýeke-däl dalaşgär hökmünde ýurduň Adalat we ösüş partiýasynyň başlyklygyna täzeden saýlandy. Gurultaýda şeýle hem Ministrler Kabinetinde wezipelere ýolbaşçylary çalyşmak barada hem ara alyp maslahatlaşyldy diýip, «Rambler.ru» ýazýar.

Ärdogan öz çykyşynda bildirilen ynam üçin minnetdarlyk bildirip, halka we ýurda gulluk etmegini dowam etjekdigini nygtady. Ol 23,5 ýylda partiýanyň Türkiýäniň we onuň halkynyň bildiren ynamyny ödäp gelendigini ýatlatdy.

Türk metbugatynyň maglumatlaryna görä, gurultaýdan soňra Ministrler Kabinetinde üýtgetmeler bolsa gerek. Ärdoganyň bäşden ýedä çenli ministri çalyşmagyna garaşylýar. Şeýle-de käbir edaralaryň aýry ministrliklere öwrülmegi-de mümkin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň