Meşhur kinoaktýor Uill Smit mundan 17 ýyl öň baş keşpde çykyş eden «Henkok» atly çeper filminiň ikinji bölüminiň surata düşürilmeginiň mümkindigini ýaňzytdy. Bu barada «Variety» neşirine salgylanýan «rbc.ru» ýazýar.
«Henkok» 2008-nji ýylda ekranlara çykdy. Smit onda adaty bolmadyk batyr Jon Henkogyň keşbini janlandyrdy. Ol Los-Anjeles şäherini dürli howplardan goraýar. Emma köpsanly jemgyýetçilik we hususy binalary ýumurýar hem-de şäheriň ýaşaýjylarynyň gaharyny getirýär. Hemmeler oňa garşy çykýarlar. Şondan soňra Henkok özüniň abraýyny dikeltmek barada karara gelýär.
«Henkok» filmi 150 million dollar býujeti bilen, dünýä prokatynda 600 million dollardan gowrak kassa ýygymyny toplady.