Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Hytaýyň laboratoriýasynda ýüze çykarylan täze koronawirus barada goşmaça maglumatlary almady. Bu barada guramanyň resmi wekili Tarik Žazareýiç «RIA Nowosti» habarlar gullugyna habar berdi diýip, «rg.ru» ýazýar.
Mundan öň «South China Morning Post» gazeti hytaýly wirusologlaryň ýarganatlarda täze koronawirusy tapandyklaryny, onuň SARS-CoV-2 ýokanjyna gaty meňzeşdigini habar berdi. Alymlaryň maglumatlaryna görä, ýokanç adamyň öýjüklerine ýokuşyp biler. Onuň ýokuşmagynyň iki ýoly bar: ýa-ha göni, ýa-da aralyk kesellileriň üsti bilen diýlip, habarda bellenýär.
Bu ugurdaky ylmy barlaglar belli hytaýly lukman Şi Çženliniň ýolbaşçylygynda Guançžou şäheriniň laboratoriýasynda geçirildi.