Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçisi P.Durdyýew Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministriniň kömekçisi Lýu Bin bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň geçen ýylda ýeten esasy sepgitleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň resmi saýtynda habar berildi.
Söhbetdeşler hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ugurlaryň giň toplumy boýunça depginli ösýändigini we iň ýokary derejedäki duşuşyklaryň iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde kesgitleýji orny eýeleýändigini nygtadylar.
P.Durdyýew Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky Kararnamasynyň biragyzdan kabul edendigini aýtdy. Şeýle-de şu ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hem bellenilýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ilçi Lýu Bine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan HHR-iň Baştutany Si Szinpiniň, Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýanyň we Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Çžao Lesziniň adyna ýollanan Parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara forumyna resmi çakylyk hatlaryny gowşurdy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge taýýardyklary mälim edildi.