Golaýda BOMCA 10 maksatnamasynyň Serhetüsti hyzmatdaşlygyň berkidilmegi atly 4-nji ugrunyň çäklerinde işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ykjam goşundysy dabaraly ýagdaýda işe girizildi.
Bu ykjam goşundy ähli ulanyjylaryny gümrük kadalary we düzgünleri barada maglumatlar bilen üpjün etmek üçin işlenip taýýarlandy. Ykjam goşundy gümrük amallaryny çalt ýerine ýetirmäge, täze gümrük kadalary we gümrük kanunçylygyna girizilen üýtgetmeler barada habarly bolmaga ýardam edýär. Mundan başga, ykjam goşundy, ýolagçy gümrük deklarasiýasyny hakyky wagtda doldurmaga mümkinçilik berýär.
Ykjam goşundynyň işe girizilmegi bilen bagly dabara Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak maksatnamasy (BOMCA 10) bilen hyzmatdaşlykda geçirildi. Oňa Türkmenistan Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary, BOMCA 10 maksatnamasynyň ýolbaşçylary, Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gümrük we serhet gulluklarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Dabarada edilen çykyşlarda täze işe girizilen ykjam goşundynyň diňe bir gümrük işgärleri däl, eýsem, telekeçiler hem-de Türkmenistana gelmek isleýän syýahatçylar üçin hem peýdalydygy nygtaldy.
Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ykjam goşundysynyň synag görnüşiniň işlenip düzülendigini habar beripdik.