«Lebapsuwhojalyk» önümçilik birleşigine Slowakiýanyň we Gazagystanyň kuwwatly suw çykaryjy tehnikalarynyň 41-si gelip gowuşdy. Bu barada welaýat gazeti habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, önümçilik birleşiginiň başlygynyň orunbasary Hatam Halykow geçen ýylda hem şeýle kuwwatly suw göterijileriniň şunça möçberdäkisiniň getirilendigini aýdýar. Şu getirilen suw göterijiler dürli kuwwatlykly bolup, sekuntda 300 litrden 700 litre, sekuntda 700 litrden 1500 litre, sekuntda 700 litrden 2500 litre çenli suw çykarmaga ukyplydyr. Olar önümçilik birleşiginiň etraplardaky bölümlerine paýlanylyp berildi.
Geçen ýylyň dowamynda akabalary abat saklamak maksady bilen bu önümçilik birleşigine Ýaponiýanyň önümi bolan ýer gazyjy we gum süýşüriji kuwwatly daşary ýurt tehnikalarynyň 40-a golaýy gelip gowşupdy.
Suw eltmesi ýeňil bolmadyk Ýylgynagyz ýaýlasynda hem uly özgerişlikler bolup geçýär. Geçen ýylda baş akabanyň ugrunda kuwwatly suw göterijileriň 60-synyň işe girizilmegi bilen desganyň durky täzelenildi.
Alty sany suw göteriji arkaly 35 kilometrlikden gowrak uzynlygy bolan akaba arkaly 35 müň gektara barabar meýdan suwarylýar. Akaba suw göterijilerden soň hem öz akymy bilen 10 — 15 kilometre çenli uzaýar. Onuň ugrundaky täze özleşdirilýän ýerler üçin hem suw göterijileriň gurnalmagy ykdysady peýdanyň artmagyna getirýär. Bu boz meýdanlar adaty ýerlerden 80 — 120 metr beýiklikde ýerleşýär. Suw toplumy häzirkizaman ylmynyň we tehnologiýasynyň öňdebaryjy gazananlary bilen üpjün edilen.
Suwuň sarpaly ulanylmagyna gönükdirilen işler daşary ýurtlaryň önümi bolan, kuwwaty sagatda 600 kub metr aralygy arassalamaga barabar läbiksorujylaryň 3-siniň güýji bilen yzygiderli alnyp barylýar. Bu işlerden çen tutanyňda, ýylgynagyzly ekerançylaryň oba hojalyk ekinlerinden alýan hasyllarynyň bu ýyl has-da artjakdygyny ynam bilen aýdyp bolar. Täze gelip gowşan tehnikalar beýleki etraplaryň ekerançylarynyň suw meselesiniň kada laýyk bolmagyny hem üpjün edýär. Kerki, Köýtendag, Hojambaz, Halaç, Saýat, Çärjew, Dänew, Darganata etraplarynyň suw hojalyklaryna 2-3-den paýlanylyp berlen kuwwatly suw göterijiler bereket çeşmesi bolan Amyderýanyň süýji suwundan ekinleriň kadaly suwarylmagyna ýardam berýär diýlip, çeşmede bellenilýär.