Türkiýäni Altaý gar harasaty basdy, bu soňky ýarym asyrda iň güýçli gar ýagmagydyr. Stambuldan uçuşlaryň bir bölegi ýatyryldy diýip, «MIR 24» ýazýar.
Türkiýä uçarlar hem howa şertleri sebäpli gonup bilenok. Şonuň üçin dünýäniň howa menzillerinde diňe ýurda syýahat üçin barýan däl, eýsem, Stambulyň howa menzilini düşelge hökmünde peýdalanýan müňlerçe jahankeşde eglenýär.
Uly ýük ulaglary belentliklerde hereket edip bilenoklar, ýol-ulag heläkçilikleri her köçede diýen ýaly bolýar. Stambulda köpden bäri gara garaşýardylar, emma hiç kim beýle kän gar düşer öýtmeýärdi.
Käbir ýerlerde bir gijede 48 millimetre çenli ygal düşdi. Gar üýşmekleriniň boýy bir metre ýetýär. Daglyk etraplardan ýaşaýjylar göçürilýär. Şäherlerde ýaşaýanlaryňam güni meňki bolsun diýer ýaly däl. Käbir awtoulaglylar köçäniň ortasynda galyp, jemagat gullugynyň işgärleriniň ýol arçaryna garaşmaly bolýarlar.
Stambulyň ýaşaýjysy Myrat Saryogly şeýle gürrüň berýär: «Meniň öýüm 500 metrlikde, emma oňa ýetmek üçin beýik ýerlerden geçip bilmeýärin, sebäbi gyş tekerlerim ýok. Eger bolsady, kösenmezdim. Şonuň üçin garaşyp durun».
Türkiýäniň meteorologik gullugy garyň azyndan 21-nji fewrala çenli ýagjakdygyny çaklaýar.